AIDS barada

AIDS barada

Her ýyl 1-nji dekabrda Bütindünýä AIDS güni bellenilýär. Hökümetleriň, halkara guramalarynyň, aktiwistleriň we jemgyýetleriň bilelikdäki tagallalary netijesinde AIW-ýokanjyna garşy göreşde uly üstünliklere ýetildi we dünýäde 27 milliona golaý adamyň jany halas edildi. Emma, dünýä derejesindäki kynçylyk entek hem örän uludyr: 2024-nji ýylyň ahyrynda takmynan 40.8 million adamda AIW-ýokanjy bardy. Bu ýagdaý aýratyn-da Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa sebitinde duýulýar. Bu sebit täze ýokançlyklaryň we AIDS bilen baglanyşykly ölümleriň artmagyny dowam etdirýän ýeke-täk sebitdir. 2010-njy ýyldan bäri bu sebitde AIDS bilen baglanyşykly ölümler 48% ýokarlandy we 2.1 million adam AIW-ýokanjy bilen ýaşaýar. Biz bu işiň üstüni ýetirmelidiris. Geliň bu günde bu kesel barada habardarlylygy artdyralyň we AIW-ýokanjyndan azat geljegi gurmak ugrunda tagallalarymyzy birleşdireliň.